Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly para pauerlifting türgenleri Dünýä kubogynda ýedi medal aldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň para pauerlifting boýunça milli ýygyndysynyň türgenleri 22-25-nji iýun aralygynda Hytaýyň Pekin şäherinde geçen para pauerlifting boýunça Dünýä kubogynyň tapgyrynda ýedi medal aldylar. Bu barada 25-nji iýunda hökümetçi türkmen onlaýn neşirleri habar berdi.

Maglumata görä, Türkmenistanyň topary alty kümüş we bir bürünç medal almagy başarypdyr.

Para pauerlifting boýunça Dünýä kubogy 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek Paralimpiýa oýunlary üçin hökmany saýlama ýaryşydyr.

XS
SM
MD
LG