12 günlük uruş: Ysraýyl-Eýran konfliktiniň netijeleri

Eýranlylar öz ganym duşmanlarynyň "boýnuna atyşygy bes etmegi goýandyklaryny” öňe sürdüler.

12 günlük görlüp-eşidilmedik duşmançylyklardan soň Ysraýyl we Eýran atyşygy bes etmek barada ylalaşyp, sebite dartgynly we howsalaly rahatlyk getirdi.

Weýrançylykly howa zarbalary, raketa tapgyrlary we gizlin operasiýalar bilen utgaşdyrylan uruş iki ýurdy-da sarsdyrdy. Gönüden-göni uruş hereketleri togtadylan hem bolsa, bu gysga, ýöne intensiw urşuň syýasy, harby we ýadro netijeleri diňe häzir aýan bolup başlaýar.

Iki ýurt hem derrew özüniň ýeňiş gazanandygyny aýtmaga howlukdy, ysraýyllylar öz göz öňünde tutan maksatlaryna ýetendiklerini aýtsalar, eýranlylar öz ganym duşmanlarynyň boýnuna atyşygy bes etmegi “goýandyklaryny” öňe sürdüler.

Emma analitikler, resmi beýanatlara garamazdan, ýaraşygyň gowşakdygyny, strategiki deňagramlylygyň üýtgändigini we çaknyşyklaryň ýa-da howply möwjeme töwekgelçiliginiň ýokarydygyny duýdurýarlar.

Ysraýylyň gazananlary we çynlakaý bärdengaýtma

Ysraýyl hökümeti, Eýranyň esasy ýadro we raketa desgaly ýerleriniň weýran edilmegine, ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryň ýok edilmegine we Tähranyň ýokarsynda gazanylan howa artykmaçlygyna salgylanyp, “Arslan operasiýasynyň ähli maksatlaryna ýetendigini” jar etdi.

"Ysraýyl hökümetiň esasy strategiki hökümet nyşanalaryna örän netijeli derejede zarba urmagy başardy" diýip, Ženewanyň aspirantura institutynyň dolandyryjy ylmy barlagçysy Farzan Sabet Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Ol bu konfliktiň Ysraýylyň Eýranyň howpsuzlyk guramalaryna aralaşmagynyň derejesini görkezendigini aýtdy we ýurduň aňtaw gullugynyň, “Mossadyň" “gaçgak legionyny döredip bilendigini we olaryň bu uruşda iň uly zyýana sebäp bolan elementleriň biri bolmak ähtimallygyny” öňe sürdi.

Emma, Ysraýyl we ABŞ bombalamalaryna garamazdan, zyýan çeken hem bolsa, Eýranyň ýadro programmasy doly bozulmady - käbir baýlaşdyryş kuwwatlylygy, tejribe saklanyp galdy we Eýranyň gizlin ýadro böwsüşini etmek howpy saklanýar.

Ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy boýunça hünärmen we Brukings institutynyň uly ylmy işgäri Robert Einhornyň bellemegine görä, Eýran 60 göterime çenli arassalykda baýlaşdyrylan uran ätiýaçlygynyň 400 kilogramdan gowragyny başga ýere geçirdi we olar hasaba alynmady.

"Ähtimal, Eýranyň eýeçiliginde bolsa, [uran ätiýaçlygy] gizlin bir ýere alnyp gidilip, ýadro ýaraglary programmasynda ulanylyp bilner" diýip, Einhorn Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Eýranyň gowşadylan pozisiýasy we pese gaçan abraýy

Eýran ýolbaşçylary aman galdy, ýöne bu gaty gymmat düşdi. Ýurduň ýadro, raketa we dron arsenallary gaty azaldy; ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryň köpüsi öldürildi; howa goragçylary ýurdy Ysraýylyň has içerik, ýurt töründe eden hüjümlerinden gorap bilmedi; Yslam respublikasy syýasy taýdan gowşadylan ýagdaýa düşdi.

Sabet muny "Eýran üçin betbagtçylyk" diýip atlandyrdy, Einhorn bolsa "Eýran iki hepde öňküsinden has ejiz we halkara derejesinde izolirlenen" diýdi.

Yslam respublikasynyň milli howpsuzlygyň kepili, kanunylygynyň esasy sütüni bolup durýandygy barada aýdýanlaryna, onuň Ysraýylyň howa hüjümlerinden goranmakdaky gowuşgynsyzlygy we urşuň ilkinji gününde ýok edilen harby ýolbaşçylaryny gorap bilmezligi sebäpli, erbet zyýan ýetdi.

Ýadro dilemmasy: Öňüni alyjy ýa-da direg-daýanç?

"Bu [Yslam respublikasynyň] abraýyna urlan uly zarba boldy" diýip, Sabet aýtdy.

Ýadro dilemmasy: Deterrensiýa ýa-da päsgelçilik?

Urşuň iň bir howply mirasy onuň Eýrana ýadro ýaragyny edinmek itergisini bermek ähtimallygy bolup görünýär. Ozal ýadro ýaragyny edinmekçi bolmaýandygyny aýdyp gelen Eýran, eger-de barlygyna howp abanan halatynda, öz doktrinasyna täzeden seretjekdigini aýdypdy.

Uruş Eýranyň ýolbaşçylaryna garyşyk signallary iberýär. Eýranyň käbir toparlary bu hüjümleri ýadro bosagasyndan geçmezlik barada duýduryş hökmünde görüp biler. Ýöne öňüni alyş, saklaýyş çäreleriniň gowşamagy netijesinde, beýlekileriň ýadro ýaraglaryna Eýran döwletiniň aman galmagynyň ýeke-täk ygtybarly kepili hökmünde garamagy hem mümkin.

"Ýadro ýaraglaryny edinmek mümkinçiligini gözlemek ýurt üçin örän we örän töwekgelçilikli bolup biler" diýip, Einhorn aýtdy. "Eýranda daşary ýurt hüjümleriniň öňüni almagyň ýeke-täk ýolunyň ... ýadro ýaragyny edinmekdigi baradaky karara geljek berk liniýaly adamlar bolar. Häzirki pursatda bu toparlaryň haýsysynyň ýeňjekdigi entek belli däl."

Emma Sabet, munuň näderejede şek getirmek ähtimallygyndan başga, Eýranyň gizlin ýadro böwsüşini etmegi üçin zerur bolan tehniki we guramaçylyk ukybyna şübheli garaýar.

"Men Yslam respublikasy ýaly çuňňur aralaşylan, ygtybarsyz we başarnyksyz ulgama kän bir ynanmazdym" diýip, ol aýtdy we eger Eýran ýadro synagyny geçirmekçi bolsa, "biz Eýrana garşy ýadro eskalasiýasyny görüp bileris, men muny gaty howply hasaplaýaryn” diýip, Sabet sözüniň üstüni ýetirdi.

Gowuşgynsyz arakesme, dowamly parahatçylyk däl

Atyşygyň bes edilmegi söweşe gowuşgynsyz arakesme getirdi. Ysraýyl harby taýdan ýeňiş gazanandygyny aýdyp biler, ýöne syýasy we strategiki taýdan ahyrky meseleler çözülmän galýar.

Yslam respublikasy asgynlady we onuň öňüni alyş ukyby peseldi, ýöne ol iň bolmanda häzirlikçe saklanyp galýar.

Ysraýyl söweşde ýeňiş gazanan bolup biler, emma urşuň esasy dilemmalary - ýadro töwekgelçiligi, sebitdäki durnuksyzlyk we birek-birege ynamsyzlyk çözülmän, saklanyp galýar.

Einhornyň pikiriçe, Eýranyň ýadro materiallarynyň hakykatdanam hasaba alynmagyny we sebitiň uçutdan yza çekilmegini diňe diplomatik tagallalar üpjün edip biler.

"Ýitirim bolan, ýokary derejede baýlaşdyrylan 400 kilogram uran ... gizlin ýadro ýaraglary programmasynyň esasy bolup biler" diýip, ol aýtdy. "Onsoň bu elementiň hötdesinden harby hüjüm bilen gelip bolmaz. Bu mesele diňe diplomatiýa arkaly çözülip bilner".