ABŞ we Eýranyň arasynda ýadro gepleşikleri meýilleşdirilmese-de, taraplaryň aragatnaşygynyň dowam etdirilýändigi aýdylýar

ABŞ-nyň zarba urgamyndan öň Fordo toplumynyň satellitden alnan suraty

ABŞ bilen Eýran Tähranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleri täzeden dikeltmek baradaky meseläniň üstünde aragatnaşyk saklaýar, ýöne häzirlikçe resmi gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilmeýär diýip, iki ýurduň-da resmileri 26-njy iýunda aýtdylar.

Ak tamyň metbugat wekili Karolin Lewitt žurnalistler bilen geçirilen brifingde Waşingtonyň Eýran we onuň araçy döwletleri bilen “ýakyn aragatnaşyk” saklaýandygyny aýtdy. Öz gezeginde Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi döwlet telewideniýesine beren beýanatynda, diplomatik gatnaşyklaryň dowam edýändigini we dürli kanallar arkaly gepleşikleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Aragçi “häzirki wagtda täze gepleşikleri başlamak barada hiç hili ylalaşyk ýa-da resmi gepleşik meýilleşdirilmedi” diýdi.

“Eýran häzirki wagtda milli bähbitlerimize laýyk gelýän ýagdaýy öwrenýär” diýip, Aragçi aýtdy we Tähranyň gepleşiklere dolanmagy baradaky “çaklamalaryň” “çynlakaý kabul edilmeli däldigini” hem belledi.

Prezident Donald Tramp 25-nji iýunda Gaagada geçirilen NATO sammitinde eden çykyşynda Waşingtonyň Eýran bilen geljek hepde gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýändigini aýdypdy.

15-nji iýunda Omanyň paýtagty Maskatda geçirilmegi göz öňünde tutulan ABŞ-Eýran gepleşikleriniň altynjy tapgyry, Ysraýylyň 13-nji iýunda Eýrana garşy başlan harby hüjüminden soň ýatyryldy.

Aragçi döwlet telewideniýesine beren beýanatynda geçen dynç günleri ABŞ-nyň Eýranyň ýadro desgalaryna eden hüjümleriniň “uly möçberde zeper ýetirendigini” hem tassyklady.

Şeýle-de, Aragçiniň bu beýanaty Eýranyň Konstitusiýa gözegçilik geňeşi bolan Goragçylar Geňeşiniň 26-njy iýunda Mejlis tarapyndan kabul edilen Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy togtatmak baradaky kanuny tassyklamagynyň yz ýanyndan edildi.

25-nji iýunda parlament tarapyndan 221-0 ses bilen kabul edilen bu kanun indi ýokary döwlet howpsuzlyk geňeşi tarapyndan gutarnykly tassyklanmaly.

Ýokary döwlet howpsuzlyk geňeşiniň resmi ýolbaşçylygynda prezident durýan hem bolsa, beýleki möhüm döwlet edaralary ýaly, onuň hem ýokary ruhany lider aýatolla Ali Hameneýä tabyndygy aýdylýar.

Ysraýyl 13-nji iýunda Eýranyň möhüm ýadro we harby desgalaryna hem-de ýaşaýyş sebitlerine hüjüm edipdi. Iki tarapyň hem köp sanly parahat ýaşaýjylarynyň ölümine sebäp bolan bu çaknyşyk 21-nji iýunda ABŞ-nyň Fordo, Natanz we Isfahan şäherlerindäki üç sany ýadro desgasyna zarba urmagy bilen dowam etdi.

Öň we soň: ABŞ-nyň howa zarbalarynyň nyşany bolan Eýranyň ýadro desgalary

12 gün dowam eden konflikt 24-nji iýunda ABŞ-nyň araçylyk etmeginde Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda gowşak ýaraşyk şertnamasynyň güýje girmegi bilen tamamlandy.

Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygyň togtadylmagy Eýranyň Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky şertnama esasynda geçirilen barlaglary we hasabatlary togtadýandygyny aňladýar.