Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy, ýagny Mejlis jemgyýetçilik ýerlerinde ýüzüňi doly ýapýan egin-eşikleriň geýilmegine gadaganlyk girizýän kanun taslamasyny makullady. Bu barada Zakon.kz habar berýär. Kanun taslamasy prezidentiň gol çekmegine ugradyldy.
Medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewanyň sözlerine görä, bu aýratyn kanun däl-de, ýurduň Içeri işler ministrliginiň howpsuzlyk bilen bagly taýýarlan kanun taslamasynyň düzümine girýän ýörite bir kadadyr. Ol nikap geýmäge gadaganlygy göz öňünde tutýar.
Ýüzüňi ýapýan egin-eşikleriň geýilmegine diňe käbir ýagdaýlarda rugsat berilýär: eger bu çäreler kanun talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýän bolsa, medisina maksatly, raýat goragy bilen bagly ýagdaýlarda, belli bir howa şertlerinde ýa-da sport we medeni çärelerde ulanylýan bolsa.
2025-nji ýylyň ýanwarynda şuňa meňzeş gadaganlyk Gyrgyzystanda hem kabul edilipdi. Ol kanun raýatyň şahsyýetini anyklamaga mümkinçilik bermeýän egin-eşikleriň geýilmegini gadagan edýär. Täjigistanda bolsa 2024-nji ýylyň iýunynda “milli medeniýete laýyk gelmeýän egin-eşikleriň” satylmagyna we geýilmegine gadaganlyk girizildi. Özbegistanda şeýle gadaganlyk 2023-nji ýylda girizilipdi.