Prezident Berdimuhamedow rus baş diplomaty bilen duşuşdy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow

25-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Aşgabada resmi sapar bilen gelen, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.

Resmi türkmen maglumatyna görä, Berdimuhamedow Russiýanyň “strategik hyzmatdaş” bolup durýandygyny aýdypdyr.

TASS gullugy Lawrowyň türkmen prezidenti bilen duşuşygy “örän netijeli” diýip häsiýetlendirendigini ýazýar.

Russiýanyň baş diplomaty soňky sapar Türkmenistana 2022-nji ýylyň iýunynda, Russiýanyň Ukraina garşy başlan urşundan dört aý soň sapar edipdi.