Tussaglykdaky aktiwist Myrat Duşemowyň goragyna hukuk goraýjylaryň bilelikdäki ýüzlenmesi

Myrat Duşemow

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Norwegiýanyň Helsinki komiteti, Turkmen.News, Adam hukuklary boýunça Türkmen inisatiwasy, Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy (IPHR) we "Merkezi Aziýada adam hukuklary" boýunça assosasiýa (AHRCA) ýaly halkara guramalar Türkmenistanyň häkimiýetlerini raýat aktiwisti Myrat Duşemowa garşy bildirilýän täze jenaýat aýyplamalaryny ýatyrmaga we ony tizden-tiz boşatmaga çagyrdylar.

Hukuk goraýjy guramalaryň bilelikdäki beýanatynda Türkmenistanyň hökümetinden Duşemowy derrew we şert goýmazdan azat etmek, şeýle-de onuň we maşgala agzalarynyň raýat azatlyklaryny parahatçylykly amala aşyrandyklary üçin yzarlanmagyny bes etmek talap edilýär.

Degişli maglumat Duşemowyň ejesi tussag ogluny boşatmaga çalyşýar, jemgyýetde duýgudaşlyk güýçlenýär

Guramalar şeýle hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlaryny Duşemowyň azatlyga çykarylmagy üçin, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň tankydy garaýyşlaryny açyk beýan edýän raýat aktiwistlerini, žurnalistleri we beýleki şahslary yzarlamagyny bes etmegini gazanmak ugrunda tagalla etmäge çagyrdylar.

Mundan öň, düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Human Rights Watch" (HRW) guramasy 25-nji iýunda çap eden maglumatynda türmede oturan aktiwistiň täze şübheli aýyplamalara sezewar edilendigini belläp, türkmen häkimiýetlerinden Myrat Duşemowy derrew we şertsiz boşatmagy we onuň tussaglygyny uzaltmak üçin edilýän kemsidiji tagallalardan el çekmegi talap edýär.

"Duşemow parahatçylykly aktiwligi sebäpli aýylganç adalat ýalňyşlygyny eýäm başyndan geçirdi" - diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Reýçel Denber aýtdy.