Ukraina urşunda Russiýanyň tarapynda söweşen özbegistanly 3 ýyl 1 aý türme tussaglygyna höküm edildi

Illýustrasiýa suraty

Özbegistanda sud Moskwanyň Ukraina garşy urşunda Russiýanyň tarapynda söweşen bir adamy 3 ýyl 1 aý azatlykdan mahrum etdi. Bu barada “Repost” neşiri Izbaskan etrap kazyýetiniň kararyna salgylanyp habar berdi.

Ol harby gulluga hakyna tutma bolup goşulmakda we serhetden bikanun geçmekde günäli tapyldy.

Derňew maglumatlaryna görä, bu erkek adam 2019-njy ýylda iş üçin Saratowa gidipdir. 2024-nji ýylyň iýunynda Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşyp, harby taýýarlygy geçipdir. 2024-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda Luhansk oblastynda we Wolçansk şäherinde söweşlere gatnaşypdyr we şonda ýaralanyp, hassahanada bejergi alypdyr. Soňra ol serhetden bikanun geçip, Özbegistana dolanypdyr.

Ol kazyýetde günäsini boýun aldy. Ol Russiýanyň pasportyny alandygyny, emma Özbegistan raýatlygyndan resmi taýdan ýüz öwürmändigini aýtdy.