Şu aýda tussaglyk möhletiniň dolmagyna garamazdan, türmede saklanýan türkmen aktiwisti Myrat Duşemow özüne garşy täze prowokasiýanyň gurnalandygyny aýdýar. Bu barada Türkmen.news neşiriniň Duşemowyň ýagdaýy bilen bagly çap eden soňky maglumatynda aýdylýar.
"Meniň üstümden arza ýazan özüni diwara urup başlady we öz-özüni ýaralap diwary gana bulady. Meniň bu ýerdäki möhletimi uzatmak üçin maňa töhmet atjak bolýarlar" diýip, Turkmen.news neşiri Myrat Duşemowy sitirleýär.
Maglumata görä, Duşemow bu barada öz aklawçysynyň üsti bilen ejesine habar beripdir. Türmedäki ogluny görmäge synanyşýan enä Duşemowy görmäge rugsat berilmeýär.
Duşemow 14-nji iýunda boşadylmalydy, ýöne ol türmeden çykarylmady. Turkmen.news neşiri Duşemowyň tussaglyk möhletiniň dolmagynyň öňýany LB-E/12 koloniýasyndan Türkmenabatdaky "Abdy Şukur" ady bilen tanalýan LB-D/9 türmesiniň deslapky tussaghanasyna geçirilendigini, bir tussagyň oňa garşy şikaýat ýazandygyny habar berdi.
Duşemowyň ejesine ýolan habarynda onuň özüne bildirilýän günäni inkär edýändigi we prowokasiýanyň bolanlygyny tassyklaýandygy aýdylýar diýlip, "Turkmen.news"-yň habarynda bellenýär.
Şeýle-de, neşir Duşemowyň Büzmeýindäki öýünde internetiň kesilendigi ýazýar.
Türkmen raýat aktiwistiniň ejesi Täzegul Mammedowa deslapky tussaghanada saklanýan ogluny görmäge synanyşýar, emma tussaghana işgärleri oňa rugsat bermekden iki gezek ýüz öwürdi.
Duşemowyň ejesi Türkmenabatdaky LB-D/9 türmesine ikinji gezek 23-nji iýunda barypdyr, ony goýbermeseler-de ol oglunyň yzyndan elten zatlaryny bermegi we aklawçy bilen duşuşmagy başarypdyr. Türmäniň nobatçy işgärleri duşuşygyň suddan soň mümkin boljagyny aýdypdyr. Bu barada "Turkmen.news" neşiriniň habarynda aýdylýar.
Maglumata görä, türme işgärleri Mämedowa onuň ogly barada maglumat bermändir, ony tussaghananyň ýolbaşçysy M.Akmamedow, onuň orunbasary K.Permanow we terbiýeçilik işler boýunça jogapkär A.Nurgeldiýew hem kabul etmändir.
Kanun tussag astyndaky adama garyndaşlary bilen duşuşmaga rugsat berip-bezmezlik işe seredýän edaranyň garamagyna berýär, emma günä bildirilýän adamyň saklanýan ýeri barada ýakynlaryna habar berilmegini talap edýär, diýip Turkmen.news Duşemowyň tussaglyk möhleti guratyp, ol başga tussaghana geçirilende bu barada onuň ýakynlaryna habar berilmändigini belleýär.
Neşiriň redaktory Ruslan Mätiýew Duşemowyň tussag astynda saklanmagyny Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň prowokasiýasy we aktiwistden işjeň raýat pozisiýasy üçin ar almagy diýip hasaplaýar.
Türkmen häkimiýetleri Myrat Duşemowy 2020-nji ýylyň iýun aýynda yzarlap başlapdy. Duşemow 2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda sud edilip, adamy talamakda we bedenine ortaça agyrlykdaky zeper ýetirmekde günälendi. Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Duşemowa garşy ulanylan bu aýyplamalary syýasy matlaply atlandyryp, onuň raýat pozisiýasyny açyk beýan edendigi, kanuny haklaryny, adam hukuklaryny talap edendigi üçin toslanyp tapylandygyna ynanýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum